Sneking bütin dünýäde aýratyn meşhurlyga eýe bolýar. Sneking eýsem nämedir? Bu diňe ýürekse edinmek (snekler) üçin azyk önümleriň topary däl-de, eýsem süýji, deňagramly tagamlary iýmek arzuwyny we nahar iýmekden lezzet duýmak höwesini öz içinde jemleýän, azyk önümlerini saýlamagyň kesgitli çemeleşme bolup durýar.1
Aňly-düşünjeli iýmitlenmek - iýýän zadyňyza we nädip iýmitlenýändigiňize ünsüňizi jemlemek diýmekdir. Bu iýmek isleýän zadyňyzyň, ony näme üçin iýýändigiňiziň we şonuň bilen birlikde özüňizi nähili duýýandygyňyzyň aňly-düşünjeli saýlawy bolup durýar.
Aňly-düşünjeli iýmitlenmegiň artykmaçlyklary
Ünsüň jemlenmegi nahardan iň ýokary derejede lezzet almaga ýardam berýär.
Aňly-düşünjeli iýmitlenmegiň tejribesi islendik adam tarapyndan islendik wagtda we islendik ýerde ulanylyp biliner. Indiki saparda, ýürekse edinmek islän wagtyňyz, özüňizi barlaň we özüňize üç sorag soraň.
Näme üçin ýürekse edinesim gelýär?
Näme üçin ýürekse edinesim gelýär?
- Size energiýa zerur bolany üçinmi ýa-da siz ajykýanyňyz üçinmi ýürekse edinýäňiz?
- Günüň dowamynda arakesme üçin ýürekse edinmek sebäp bolup durýarmy?
- Ýürekse edinmek siziň kararyňyzmy, ýa-da siz tanyşlaryňyzyň çakylygyna jogap berdiňizmi?
- Ýa-da siz özüňizi aýnatmak isleýäňizmi?
Siz näme üçin ýürekse edinmek isleýändigiňiz baradaky soraga jogap, şu pursatda öz zerurlyklaryňyzy kanagatlandyrmak üçin näme iýmegi saýlamaga ýardam berer.
Men näme iýesim gelýär?
Men näme iýesim gelýär?
- Süýji ýa-da duzly?
- Ýumşak ýa-da kitirdewük?
- Gyzgyn ýa-da sowuk?
Näme iýjekdigiňize karar bereniňizden soňra, nahary paýlara bölüň we her bir bölekden iň ýokary derejede lezzet almak üçin ünsüňizi sowmazlyga çalyşyň. Haýaljak iýiň, öz wagtynda doýmagy duýmak üçin, yzygiderli säginiň.
Nahardan iň ýokary derejede lezzeti nädip alyp bilerin?
Nahardan iň ýokary derejede lezzeti nädip alyp bilerin?
Ähli duýgy organlaryny ulanyň. Her bir bölekden doly derejede lezzet almak üçin naharyň ysyna, tagamyna, teksturasyna, şekiline we reňkine ünsüňizi jemläň. Siz halaýaňyzmy ýa-da eýýäm doýduňyzmy diýip özüňizi yzygiderli soramaga ýatdan çykarmaň.
Aňly-düşünjeli iýmitlenmegiň şulara getirýändigi ylmy taýdan subut edilen:
- Azyk önümleriniň aňly-düşünjeli we oýlanşykly saýlanmagy sebäpli nahara bolan oňaýly garaýyşa2
- Ähli duýgy organlaryndan signallary almaga türgenleşýändigiňiz sebäpli, durmuşdan has köp lezzet almaga3
- Açlyk we dokluk duýgusynyň signallaryna üns bermeklik sebäpli has deňagramly iýmitlenmäge we artykmaç iýmegiň pes mümkinçiligine4

DOGRY SNEKING ÜÇIN ADAMLARY HÖWESLENDIRÝÄRIS
Mondelez International kompaniýasy, gowy görýan azyk önümlerinden has köp lezzet almaga sarp edijilere ýardam bermäge maksat edinýär.
Biz, "Göwnejaý paý" atly öz maksatnamamyzy işläp taýýarlamak we tassyklamak üçin, iýmitlenme we özüni alyp baryş psihologiýasy pudagynda bilermenler bilen maslahatlaşdyk
Biz, paý gaplamasyndaky ýa-da «Göwnejaý paý» atly ýörite belgileme bilen önümleriň 100% göterim portfoliosyna ýetmek maksadyny öňümizde goýduk.5




Aňly-düşünjeli iýmitlenme hakynda maglumat
Doktor Sýuzan Albersden aňly-düşünjeli iýmitlenme hakynda maslahatlara serediň