GÖWNEJAÝ PAÝ NÄMEDIR?

Sneking bütin dünýäde aýratyn meşhurlyga eýe bolýar. Sneking eýsem nämedir? Bu diňe ýürekse edinmek (snekler) üçin azyk önümleriň topary däl-de, eýsem süýji, deňagramly tagamlary iýmek arzuwyny we nahar iýmekden lezzet duýmak höwesini öz içinde jemleýän, azyk önümlerini saýlamagyň kesgitli çemeleşme bolup durýar.1


Aňly-düşünjeli iýmitlenmek - iýýän zadyňyza we nädip iýmitlenýändigiňize ünsüňizi jemlemek diýmekdir. Bu iýmek isleýän zadyňyzyň, ony näme üçin iýýändigiňiziň we şonuň bilen birlikde özüňizi nähili duýýandygyňyzyň aňly-düşünjeli saýlawy bolup durýar.

Aňly-düşünjeli iýmitlenmegiň artykmaçlyklary

Ünsüň jemlenmegi nahardan iň ýokary derejede lezzet almaga ýardam berýär.

  • Adamlaryň aglabasy durmuşda bolup geçýän ähli zatlara aňly-düşünjeli çemeleşmegiň tarapdary bolup durýarlar.

  • Islendik wagtda, islendik ýerde -- her kim iýmitlenmäge özi üçin aňly-düşünjeli çemeleşmäni saýlap biler

  • Barlaglar saglyk üçin aňly-düşünjeli iýmitlenmegiň peýdasyny subut edýär, we her günüň geçmegi bilen has köp täze mysallar emele gelýär.

Bu nähili işleýär

Aňly-düşünjeli iýmitlenmegiň tejribesi islendik adam tarapyndan islendik wagtda we islendik ýerde ulanylyp biliner. Indiki saparda, ýürekse edinmek islän wagtyňyz, özüňizi barlaň we özüňize üç sorag soraň.

cookie-new-1

Näme üçin ýürekse edinesim gelýär?

  • Size energiýa zerur bolany üçinmi ýa-da siz ajykýanyňyz üçinmi ýürekse edinýäňiz?
  • Günüň dowamynda arakesme üçin ýürekse edinmek sebäp bolup durýarmy?
  • Ýürekse edinmek siziň kararyňyzmy, ýa-da siz tanyşlaryňyzyň çakylygyna jogap berdiňizmi?
  • Ýa-da siz özüňizi aýnatmak isleýäňizmi?

Siz näme üçin ýürekse edinmek isleýändigiňiz baradaky soraga jogap, şu pursatda öz zerurlyklaryňyzy kanagatlandyrmak üçin näme iýmegi saýlamaga ýardam berer.

Men näme iýesim gelýär?

  • Süýji ýa-da duzly?
  • Ýumşak ýa-da kitirdewük?
  • Gyzgyn ýa-da sowuk?

Näme iýjekdigiňize karar bereniňizden soňra, nahary paýlara bölüň we her bir bölekden iň ýokary derejede lezzet almak üçin ünsüňizi sowmazlyga çalyşyň. Haýaljak iýiň, öz wagtynda doýmagy duýmak üçin, yzygiderli säginiň.

Nahardan iň ýokary derejede lezzeti nädip alyp bilerin?

Ähli duýgy organlaryny ulanyň. Her bir bölekden doly derejede lezzet almak üçin naharyň ysyna, tagamyna, teksturasyna, şekiline we reňkine ünsüňizi jemläň. Siz halaýaňyzmy ýa-da eýýäm doýduňyzmy diýip özüňizi yzygiderli soramaga ýatdan çykarmaň.

Howlukmaň

Her bir bölege dykgatly üns beriň. Adatydan has uzak çeýnäň.

Aňly-düşünjeli iýmitlenmegiň şulara getirýändigi ylmy taýdan subut edilen:

  • Azyk önümleriniň aňly-düşünjeli we oýlanşykly saýlanmagy sebäpli nahara bolan oňaýly garaýyşa2
  • Ähli duýgy organlaryndan signallary almaga türgenleşýändigiňiz sebäpli, durmuşdan has köp lezzet almaga3
  • Açlyk we dokluk duýgusynyň signallaryna üns bermeklik sebäpli has deňagramly iýmitlenmäge we artykmaç iýmegiň pes mümkinçiligine4
Has köp öwrenmek

Gaplamadaky aňly-düşünjeli iýmitlenmek we göwnejaý paýlar hakyndaky maglumat

DOGRY SNEKING ÜÇIN ADAMLARY HÖWESLENDIRÝÄRIS

Mondelez International kompaniýasy, gowy görýan azyk önümlerinden has köp lezzet almaga sarp edijilere ýardam bermäge maksat edinýär.

Biz, "Göwnejaý paý" atly öz maksatnamamyzy işläp taýýarlamak we tassyklamak üçin, iýmitlenme we özüni alyp baryş psihologiýasy pudagynda bilermenler bilen maslahatlaşdyk

Biz, paý gaplamasyndaky ýa-da «Göwnejaý paý» atly ýörite belgileme bilen önümleriň 100% göterim portfoliosyna ýetmek maksadyny öňümizde goýduk.5

Aňly-düşünjeli iýmitlenme hakynda maglumat

Doktor Sýuzan Albersden aňly-düşünjeli iýmitlenme hakynda maslahatlara serediň

NUTRISIOLOGLARYŇ WE ALYMLARYŇ ÝERLIKLI SARP EDILME HAKYNDA PIKIRINI BILIŇ

ÝERLI BRENDLARDAN HAS KÖP JIKME-JIKLIKLER